Gabarda Nebit Önümçiligi Artdy

Gabar etrapçasynda günlük nebit önümçiligi 37 müň barrelden geçdi.

2112801
Gabarda Nebit Önümçiligi Artdy

Şyrnak welaýatynyň Gabar etrapçasynda günlük nebit önümçiligi 37 müň barrelden geçdi.

Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Stambulda geçirlen 6-nji Energetika we howa çalşygy forumyna gatnaşdy.

Gabarda günlük nebit önümçiliginiň 37 müň barrelden geçendigini aýdan Baýraktar “Mart aýynyň ahyryna çenli günlük nebit önümçiligini 40 müň, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli hem 100 müň barrele ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Ministr Baýraktar, sebitde nebit gözleg işleriniň dowam edýändigini nygtady.

2022-nji ýylda terrordan saplanan Gabarda 150 million barrellik nebit ätiýajy tapylypdy.

 


Etiketkalar: #önümçilik , #nebit , #barrel

Degişli Habarlar