Türkiyäniň awtoulag önümçiligi artdy

Türkiyäniň awtomobil önümçiligi ýylyň ilkinji 2 aýynda 12 göterimlik artyş bilen 151 müň 14 sany boldy

2113724
Türkiyäniň awtoulag önümçiligi artdy

Awtoulag senagaty birleşigi 2024-nji ýylyň ilkinji 2 aýyna degişli önümçilik we eksport sany we bazar görkezijileri barada maglumat berdi. 

Şoňa laýyklykda ady agzalan döwürde jemi awtoulag önümçiligi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8 göterimlik artyş bilen 241 müň 861 sany boldy. Awtomobil önümçiligi bolsa 12 göterimlik artyş bilen 151 müň 14 sany boldy. 

Ýylyň ilkinji 2 aýynda awtoulag eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä san boýunça 4 göterim artyp, 164 müň 560 sany boldy. 

Şol döwürde awtmobil eksporty hem geçen ýylyň degişli döwrüne görä 3 göterim, täjirçilik ulag eksporty bolsa 6 göterim artdy. 



Degişli Habarlar