Türkiýäniň Bal Eksporty 5,1 Million Dollara Barabar Boldy

29 ýurda bal eksport edildi

2114279
Türkiýäniň Bal Eksporty 5,1 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýäniň 2 aýlyk bal eksporty 5,1 million dollara barabar boldy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň dolanşyk geňeşiniň başlygy Saffet Kalýonju, Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ilkinji 2 aýlyk döwründe 29 ýurda bal eksport edilendigini aýtdy.

Ýanwar-fewral aýlarynda bal eksportunyň 1256 tonna ýetendigini aýdan Kalýonju, ady agzalýan eksportdan 5 million 179 müň 996 dollarlyk girdeji gazanylandygyny nygtady.

ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň bal eksportunda esasy orun eýeländigini aýdan Kalýonju, “ABŞ sanawda 1 million 944 müň 149 dollar bilen birinji, 73 müň 904 dollar bilen Germaniýa ikinji, 265 müň 531 dollar bilen Britaniýa hem üçünji orny eýeledi” diýdi.

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #bal

Degişli Habarlar