Daşary ýurt maýadarlarynyň Türkiyä bolan gyzyklanmasy artýar

Türkiyede ýola goýulan ynam we durnuklylyk tapgyry dünýä derejesinde seslenme döredýär

2114883
Daşary ýurt maýadarlarynyň Türkiyä bolan gyzyklanmasy artýar

Daşary ýurt maýadarlarynyň Türkiyä bolan gyzyklanmasy barha artýar. 

Halkara Maýadarlar birleşigi "Halkara göni maýa goýum býulletenini" çap etdi.

Maglumatlara görä, ýanwar aýynda Türkiyä 910 million dollarlyk halkara göni maýa goýum girdi. 

Geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 20 göterim ösüş boldy.

Pudaklaýyn esasda magdançylyk we karýer pudagynda iň köp maýa goýum goýulan ugurlar boldy. 

Ýanwar aýynda iň köp halkara maýa goýumy 44 göterim bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan (ABŞ) amala aşyryldy. ABŞ-dan soň 17 göterim bilen Germaniýa, 12 göterim bilen Beýik Britaniýa gelýär. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan amala aşyrylan maýa goýumlaryň mukdary bolsa 27 göterim. 


Etiketkalar: #ýanwar , #maýa goýum

Degişli Habarlar