Hytaý Bohaýwan deňzinde 100 million tonna çig nebit goruny tapdy

Hytaý milli açyk deňiz nebit kärhanasyndan (CNOOC) berilen beýanata görä, Týanszin şäheriniň takmynan 200 km alysyndaky suw giňişligindäki Çinhuangdao 27-3 nebit gorunda täze nebit ätiýajy tapyldy

2117446
Hytaý Bohaýwan deňzinde 100 million tonna çig nebit goruny tapdy

Bohaýwan deňiziniň orta-demirgazyk böleginde, deňiziň çuňlugy ortaça 25 metr bolan nebit ýatagynda takmynan 100 million tonna orta-agyr çig nebit gorlary anyklandy. 

CNOOC kärhanasyndan 8-nji martda berilen beýanatda, Günorta Hytaý deňiziniň demirgazyk-gündogarynda 100 million tonnalyk çig nebit ätiýajynyň tapylandygy habar berilipdi. 

Bohaýwan deňizi bilen Günorta Hytaý deňiziniň suw giňişliginde deňiz nebit we deňiz gaz buraw işlerini geçirýän kärhana, 2024-nji ýylda 700 bilen 720 million barrel aralygynda nebit çykarmagy maksat edinýär. 


Etiketkalar: #Hytaý , #nebit , #kärhana

Degişli Habarlar