Türkiyäniň kakadylan miwe eksporty artdy

Türkiyäniň kakadylan miwe eksporty ýylyň ilkinji çärýeginde 29,9 göterim artdy

2133464
Türkiyäniň kakadylan miwe eksporty artdy

Günorta-gündogar Anadoly eksportçylar bileleşigi tarapyndan alynan maglumata görä, kakadylan miwe we önümleri pudagy şu ýylyň ilkinji çärýeginde dünýäniň 124 ýurduna we erkin söwda zolagyna 116 müň 738 tonna önüm eksport etdi. 

Eksportdan 497 million 639 müň dollar girdeji alan pudagyň wekilleri, 383 million 124 müň dollarlyk daşary söwda amala aşyrylan geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 29,9 göterim artdyrdy. 

Iň köp girdejini 133 million 284 müň dollar bilen çigitsiz kişmişden alan pudagyň wekilleri, kakadylan kişdeden 114 million 450 müň dollar, kakadylan injirden 86 million 420 müň dollar girdeji aldylar. 

Geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende 24 million 251 müň dollarlyk eksport ýerine ýetiren antep pissesiniň öndürijileri, şu ýyl satuwdan alan girdejilerini 74 million 54 müň dollara ýetirdiler. 

Pudagyň iň köp eksport amala aşyran topary bolsa 192 million 378 müň dollar bilen Ýewropa ýurtlary boldy. 

Guradylan miwe öndürijileri iň köp satuwy 61 million 596 müň dollar bilen Germaniýa amala aşyrdylar. 



Degişli Habarlar