Türkiye 8 aýlyk döwürde 205 müň tonnalyk funduk maňzyny eksport etdi

Türkiye 2023-2024-nji ýylyň eksport möwsüminiň 8 aýlyk döwründe 205 müň tonnalyk funduk maňzyny satdy

2134259
Türkiye 8 aýlyk döwürde 205 müň tonnalyk funduk maňzyny eksport etdi

Milli Funduk geňeşi we Giresun Söwda biržasynyň başlygy Hamza Bölük, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlan eksport möwsüminiň 2024-nji ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanjakdygyny habar berdi. 

Geçen möwsümde 294 müň tonna önümiň dünýäniň tapawutly ýurtlaryna eksport edilendigini aýdan Hamza Bölük: "Şu ýyl hem şoňa ýakyn görkeziji eksportyny amala aşyrmaga garaşýarys. 21-nji aprele çenli 205 müň tonna funduk maňzy eksport edildi. Mundan soňky tapgyrda 80-85 müň tonna aralygynda eksport amala aşyrmagy umyt edýäris. Eksportdan 1,8-2 milliard dollar aralygynda girdeji alynjakdygyny pikir edýärin" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #eksport , #maňyz , #funduz , #Türkiye

Degişli Habarlar