Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýa

1143459
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Sergeý Şoýgu Türkiýede” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen duşuşandygyny mälim edýär. Gazet duşuşykda 14-nji fewralda Russiýanyň baştutany Wladimir Putin, Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda geçiriljek Dört taraplaýyn maslahatdan ozal, Siriýadaky wakalar bilen birlikde Idlib başda bolmak bilen sebitdäki soňky ýagdaýlaryň we meýdandaky hadysalaryň ele alynandygyny beýan edýär.

Sabah gazedi: “Türk Bürgüdi Iň ajaýyp uçar dizaýny sylagyny aldy” söz başyly habarynda, “Türk Bürgüdi ALPINA-nyň” Ýewropanyň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan German Design Awards" ýaryşynda 10 ýyl arakesmeden soň, bir uçar dizaýnyna berilýän Ajaýyp dizaýn sylagyna laýyk görülendigini habar berýär. ALPINA-nyň hem gury ýere hem-de suwa gonup bilmegi, ýokarydan ganatly gurluşy we energiýasyny tygşytly ulanmagy, dünýä meşhur dizaýnerleriň haýranlygyny özünde jemländigini belleýär.

Haber Türk gazedi: “Antarktidadaky daşlar Marsdaky derňewlere ylmy çeşme bolar” söz başyly habarynda, Antarktidadaky ylmy işlerini tamamlan Stambul Tehniki uniwersitediň Geologiýa inženerçiligi bölüminiň ylmy işgäri Ýagmur Güneşiň, Mars derňewleri taýdan nusga ýer bolan materikdäki köllerden we daşlardan alan materiallaryyň Mars bilen bagly işlere goşant goşjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: “Baýburtda işlenip taýýarlanýar, 4 materige ýaýraýar” söz başyly habarynda, Baýburtda bir fabrigiň, Baýburt başda bolmak bilen ýurdyň ençeme welaýatyndan gazylyp alynýan tebigy daşlary işläp taýýarlap, gysga wagtda möhüm bir üstünlik elde edendigini we Amerika, Ýewropa, Aziýa we Afrika materigindäki 16 ýurda tebigy daş eksport edýändigini aýan edýär. Fabrigiň müdüri Nurullah Şentürk, Baýburdyň tebigy daş ätiýaçlary taýdan örän baý çeşmä eýedigini belläp, bu ýylky maksatlarynyň eksporty 500 müň dollara ýetirmekdigini nygtady.

Ýeni Şafak gazedi: “Stambulyň deňizasty baýlygy orta çykarylýar: Dünýä tanyşdyrylar” söz başyly habarynda, Stambulyň deňizasty baýlyklarynyň şu gün agşam Jemal Reşit Reý konsert zalynda geçiriljek çärede muşdaklaryň dykgatyna ýetiriljekdigini habar berýär.


Etiketkalar: #Baýburt , #daş , #Mars , #Antarktida

Degişli Habarlar