DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Ersin Tatar, Waşingtona guran saparynyň çäginde türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama berdi.

2125223
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Amerikaly ýolbaşçylar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen Kipriň deň-hukuklyk statusy hakynda pikir alyşdy.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Waşingtona guran saparynyň çäginde türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynyň netijeli geçendigini aýdan Tatar, duşuşykda sebitdäki soňky ýagdaý we Kipriň halkara deň-hukulyk statusy hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Prezident Tatar, Hudson institutynda amerikaly hünärmenler bilen geçiren duşuşygynyň hem netijeli geçendigini we amerikalylaryň Kiprda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny ýatlatdy.

Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine hem beýannama beren Tatar, Waşingtondaky Kipr tükleri we türk jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy.


Etiketkalar: #Waşington , #Ersin Tatar , #DKTR

Degişli Habarlar