Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Özbegistana Iş Saparyny Gurady

Tokaýew bilen Mirziýoýew, taryhy Hywa şäherinde duşuşdy.

2125506
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Özbegistana Iş Saparyny Gurady

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, taryhy Hywa şäherinde duşuşdy.

Gazagystan tarapyndan berlen beýannama görä, Prezident Kassym-Žomart Tokaýew Özbegistana iş saparyny gurady.

Tokaýewi Ürgenç şäheriniň howa menzilinde Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew garşylady.

Garşylama dabarasyndan soň iki lider Özbegistanyň taryhy Hywa şäherine gitdi.

Liderler duşuşykda esasan Orta Aziýanyň durnuklylygy we howpsuzlygy hakynda pikir alyşdy.

Tokaýew bilen Mirziýoýew Orta Aziýa ýurtlarynyň döwlet Ýolbaşçylarynyň 6-njy maslahaty üçin görülýän taýarlyklar hakynda hem pikir alyşdy.

Gazak-özbek hyzmatdaşlygynyn ähli taraplaýyn ösmegine kanagatlanma bildiren Tokaýew, 2023-nji ýylda özara söwda mukdarynyň 4,4 milliard dollara çenli baryp ýetendigini we iki ýurduň  energetika, aragatnaşyk we oba hojalyk pudagy boýunça bilelikde 60 taslamany durmuşa geçirýändigini belledi.


Etiketkalar: #Özbegistan , #Gazagystan , #Hywa

Degişli Habarlar