Türkiye Gazagystana Gynanç Bildirdi

Türkiye Gazagystanda başdan geçirilen sil apaty sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

2125678
Türkiye Gazagystana Gynanç Bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Gazagystanyň tapawutly ýerlerinde dowam edýän sil apatlarynyň netijesinde on müňlerçe gazak raýatynyň ewakuasiýa edilmäge mejbur galynmagyna we çekilýän agyr ýitgilere çuňňur gynanç bildirilýändigi habar berildi. 

Gazagystanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirilen beýanatda: "Türkiye betbagtçylyk sebäpli ýüze çykan ýaralary bejermek üçin her dürli kömek bermäge taýýardyr" diýip mälim edildi.

Gazagystanda garlaryň eremegi sebäpli ýüze çykan suw joşmalar dowam etmek bilen birlikde, suw joşmalaryň täsir ýetiren sebitlerinden takmynan 60 müňden gowrak adam ewakuasiýa edildi. 



Degişli Habarlar