Gyrgyzystanda döwlet agdarylyşygynda güman edilýän adam tussag edildi
Taşowyň häkimiýeti ele salmak üçin sosial ulgamlar arkaly halky küşgürmäge synanyşandygy beýan edildi
Gyrgyzystanda köpçülikleýin gozgalaňlar arkaly hökümeti agdarmaga taýynlyk görmekde güman edilip gözlenýän işewür adam Imamidin Taşow tussag edildi.
Milli Howpsuzlyk döwlet komitetiniň Metbugat merkezinden berilen ýazmaça beýanatda, Gyrgyz-Gazak serhedinden ýurda bikanun ýagdaýda giren gurluşyk kärhanasynyň ýolbaşçysy Imamidin Taşowyň geçirilen operasiýa bilen göz tussaglygyna alynandygy mälim edildi.
Taşowyň häkimiýeti ele salmak üçin sosial ulgamlar arkaly halky küşgürmäge synanyşandygy beýan edildi.
Howpsuzlyk güýçleri ýanwar aýynda döwlet agdarlyşygyny etmäge synanyşýandygy şübhesi bilen bir topara garşy operasiýa geçiripdi. Döwlet agdarlyşygynyň guramaçylyk işleriniň Taşow tarapyndan maliýeleşdirilendigi bilen bagly maglumatlaryň alynandygy aýan edildi.
Milli Howpsuzlyk döwlet komiteti Imamidin Taşowyň tussag edilmegi barada karar kabul edipdi.
Degişli Habarlar
Jewdet Ýylmaz Özbegistanda Saparda Bolýar
Prezidentiň Orunbasary Jewdet Ýylmaz Özbegistana resmi sapar gurady.