Türkiýäniň Eksporty Artdy

Fewral aýy bilen deňeşdirilende 13,6 göterim artdy.

2122130
Türkiýäniň Eksporty Artdy

Türkiýäniň eksporty fewral aýynda geçen ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende 13,6 göterim artdy.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, fewral aýynda eksport geçen ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende 13,6 göterim artyp 21 milliard 82 million dollara barabar boldy.

Import bolsa 9,2 göterim azalyp 27 milliard 853 million dollara barabar boldy.

Eksport sanawynda Germaniýa, ABŞ, Yrak we Russiýa esasy orun eýeledi.


Etiketkalar: #artmak , #eksport , #fewral

Degişli Habarlar