Türkiyäniň çigitsiz kişmiş eksport artdy

Türkiyäniň çigitsiz kişmiş eksportyndan alan girdejisi geçen möwsüm 25 göterimlik artyş bilen 333 million dollara ýetdi

2126622
Türkiyäniň çigitsiz kişmiş eksport artdy

Egeý eksprtçylar bileleşiginden berilen ýazmaça beýanata görä, önümçilikde we eksportda dünýä lideri ýadgaýynda bolan Türkiyäniň çigitsiz kişmiş eksporty 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 2024-nji ýylyň 7-nji apreline çenli bolan döwür aralygynda, 2022-2023-nji ýylyň möwsümi bilen deňeşdirilende 25 göterimlik artyş hasaba alyndy. 

Bu möwsümde çigitsiz kişmiş boýunça iň köp eksport 76 million dollar bilen Beýik Britaniýa amala aşyryldy. Sanawda Beýik Britaniýadan soň Gollandiýa we Germaniýa gelýär. 

Awstraliýa, Ýaponiýa we Kanada döwletlerine çigitsiz kişmiş eksporty boýunça rekord derejede artyş hasaba alyndy. 


Etiketkalar: #eksport , #kişmiş , #Türkiye

Degişli Habarlar