Türkiye ýylyň birinji çärýeginde goňşy ýurtlaryna 5,9 milliard dollar eksport amala aşyrdy
Türkiye şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda goňşusy bolan Bolgariýa, Ermenistana, Gruziýa, Yraga, Eýrana, Siriýa we Gresiýa 5 milliard 948 million 129 müň dollarlyk eksport amala aşyrdy
Türkiyäniň Söwda ministrligi we Türkiyäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen maglumata görä, Türkiyäniň şu ýylyň ilkinji çärýeginde daşary söwdasy 63,7 milliard dollar hökmünde hasaba alyndy.
Bu "birinji çärýekdäki iň gowy eksport" görkezijisi boldy.
Türkiye şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda goňşusy bolan Bolgariýa, Ermenistana, Gruziýa, Yraga, Eýrana, Siriýa we Gresiýa 5 milliard 948 million 129 müň dollarlyk eksport amala aşyrdy.
Ady agzalan görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 5 milliard 99 million dollar derejesindedi.
Şeýlelik bilen, ýanwar-mart aýlarynda bu ýurtlara eksport geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,7 göterim ýokarlandy.
Bu döwürde 2 milliard 731 million 316 müň dollar bilen Yraga iň köp eksport edildi.
Degişli Habarlar
Dokma Senagatynyň Eksporty Artýar
Dokma öndürijiler 183 ýurda we erkin söwda zolagyna önümlerini eksport etdi.