Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi

Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi

2132058
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi

Türkiye Çiliniň Wekiller mejlisiniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar edýän kararynyň ýok hökmündedigini habar berdi. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, parlamentleriň taryhy, teswirleme ýa-da kazyýet ygtyýarynyň ýokdugy mälim edildi.

Beýanatda: "Çiliniň Wekiller mejlisiniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar edýän karary ýok hökmündedir" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar